Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň kompaniýalary üçin hasap ulgamlaryny, mobil programmalary we saýtlary döredýäris.

Sanly Armyt — Armyt Studio-nyň sanly ugry. Taslamany doly alyp barýarys: tehniki tabşyryk, interfeýs dizaýny, işläp düzmek, serwerler we işe girizilenden soňky goldaw.

15
portfoliodaky taslama
9
mobil programma
3
interfeýs dili: türkmen, rus, iňlis

01

Işlerimiz15

Taslan, işläp düzen we işe giren taslamalarymyz.

02

Näme edýäris

Meseläni doly alýarys: tehniki tabşyrykdan başlap, serwerlere we App Store hem-de Google Play-de çap etmäge çenli.

  1. 01

    Hasap ulgamlary we ERP

    Satuw, ammar, möhletli töleg, kassa we buhgalteriýa bir ulgamda. Maglumatlary Excel-den geçirýäris we işgärleri öwredýäris.

    Mysallar ERP-TM, Hereket

  2. 02

    Mobil programmalar

    iOS we Android üçin Flutter programmalary: müşderiler, kurýerler, sürüjiler we işgärler üçin. App Store we Google Play-de çap edýäris.

    Mysallar 3Hyzmat, Hormatly Kart, AppointMe, Durna Go

  3. 03

    Saýtlar we onlaýn dükanlar

    Mazmunyny özüňiz üýtgedýän admin panelli köp dilli kompaniýa saýtlary, kataloglar we dükanlar.

    Mysallar ZOK Decor, On Dere, Ýiti Peýkam, ŞANUR

  4. 04

    Okuw platformalary

    Okuw merkezleri we ýokary okuw mekdepleri üçin LMS: kurslar, sapak tertibi, gatnaşyk, bahalar we talyplar üçin programma.

    Mysallar LMS sahypa, LMS HG

  5. 05

    Hyzmatlar we integrasiýalar

    Öz şlýuzymyz arkaly SMS we birwagtlaýyn kodlar, push-habarnamalar, oflaýn kartalar, Excel-den import, onlaýn töleg.

    Mysallar SMS-TM, Tertip, Katalog konstruktory

  6. 06

    Serwerler we goldaw

    Siziň serweriňizde ýa-da bulutda ýerleşdirýäris, SSL, ätiýaçlyk nusgalary we gözegçiligi sazlaýarys. Işe girizilenden soň hem habarlaşykda bolýarys.

03

Nähili işleýäris

  1. 01

    Mesele we baha

    Meseläni seljerýäris, tehniki tabşyrygy ýazýarys, tapgyrlar boýunça möhleti we bahany aýdýarys.

  2. 02

    Dizaýn

    Interfeýsi işläp düzmezden öň görkezýäris we bellikleriňize görä düzedýäris.

  3. 03

    Işläp düzmek

    Tapgyrlaýyn işleýäris we her tapgyrdan soň netijäni görkezýäris. Brauzerlerde we telefonlarda barlaýarys.

  4. 04

    Işe girizmek we goldaw

    Serwere ýerleşdirýäris, işgärleri öwredýäris we önümi mundan beýläk ösdürýäris.

04

Meseläňiz barada aýdyň

Çözgüt, möhlet we baha hödürläris.